logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyz Watanymyz baky gül açýar

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy,Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli “Garaşsyz Watanymyz baky gül açýar” ady bilen döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler, ”Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrlan 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan Dabaraly mejlisde öňe goýulýan möhüm wezipeler hakynda giňişleýin söhbet etmek bile, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen ýyllarynyň içinde ähli ugurlarda gazanylan asyrlara barabar ösüşler hakynda durup geçdiler.

Öz bilşimiz ýaly,bu gün Garaşsyz, baky Bitarap, Türkmenistan Watanmyzyň dost-doganlyk, ynsanperwer syýasaty dünýä dolýar. Çykyş edenler, bular barada giňişleýin nygtamak bilen öz söhbetleriniň ahyrynda türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.