logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyzlygyň we gurluşygyň beýik ýoly

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi, Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrliginiň döwlet ygtyýarlandyrylyş we hile gözegçilik merkezi bilen bilelikde “Garaşsyzlygyň we gurluşygyň beýik ýoly” atly söhbetdeşlik geçirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, eziz Watanymyz Türkmenistan uly ösüşleriň we özgerişleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Paýtagtymyz Aşgabat dünýäde deňi-taýy bolmadyk binagärlik sungaty we ak mermerli binalary bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Arkadag şäheri sebitiň deňi-taýy bolmadyk ilkinji “akylly” şäheri bolup, gurluşyk ulgamynda innowasion tehnologiýalaryň we ekologik arassalygyň ajaýyp nusgasydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda diňe paýtagtymyzda däl, ýurdumyzyň welaýatlarynda ähli amatlyklary bolan täze döwrebap obalar, ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdepler, çagalar baglary, senagat kärhanalary gurlup ulanmaga berildi. Söhbetdeşlige gatnaşan hünärmenler şular hakynda giňişleýin çykyş etdiler.