logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYK BAGTY

Ajap döwrüň dünýä düşýän ýalkymy-
Şuglasynda Garaşsyzlyk bagty bar.
Arkadaga alkyş aýdýan halkymyň
Gursagynda Garaşsyzlyk bagty bar.

Özgerişler ýaýrap oba-şährinde,
Rowaçlyklar kemal tapdy mährinde,
Arkadagly Serdarmyzyň pähminde,
Gudratynda Garaşsyzlyk bagty bar.

Arkadagyň dowamatdyr dowamy,
Arkadagly Serdar – Watanyň şany!
Arkadag şäheri – kalbyň owazy,
Gurmagynda Garaşsyzlyk bagty bar.

Şanly taryh halkyň geçmiş-düýnünde,
Aýdyň geljek binýady bar döwrümde,
Göwünleriň päk zähmete güýjünde–
Gurbatynda Garaşsyzlyk bagty bar.

Daýhan galkyp, rysgal doldy meýdana,
Şat nesilleň kalby gelýär heýjana,
Garaguma çyksak seýli-seýrana,
Gumlarynda Garaşsyzlyk bagty bar.

Täze ajap eýýam – baky bahar diýp,
Ösüşlere haýran älem-jahan diýp,
Joşa gelen ýürekleriň «Watan!» diýp
Urmagynda Garaşsyzlyk bagty bar.

Bu döwletli döwranlary arzuwlap,
Erkinlige garaşdyk biz asyrlap,
Tugumyzyň al-asmanda pasyrdap,
Durmagynda Garaşsyzlyk bagty bar.

Toý gününde gutlap birek-biregi,
Alkyşlaýas bu gün Milli Lideri!
Alkyşlaýas Arkadagly Serdary!
Diýarymda Garaşsyzlyk bagty bar.

Akmyrat Rejebow,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.