logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyzlyk – bagtymyzyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany” diýip atlandyrylan ýylymyzda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi we Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi bilelikde şanly Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk –bagtymyzyň gözbaşy” atly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan “Garaşsyzlyk –bagtymyzyň binýady” atly kitap sergisi hem gurnaldy. Sergide Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler we ýurdumyzyň ösüşlerini açyp görkezýän kitaplar ýerleşdirildi. Bu dabara we sergi oňa gatnaşyjylarda uly täsirleri galdyrdy.