Türkmen başa täç edendir Watany,
Ykballara ak daň bolup atany.
Bedew batly ösüşlerde gadamy,
Garaşsyzlyk bilen galkyndy Diýar.
****
Guşlar erkin ganat ýaýýar asmanda,
Toý-baýramly ýurdum bagy-bossanda.
Dost-doganlyk mähri Türkmenistanda,
Garaşsyzlyk bilen galkyndy Diýar.
***
Zamanamyz haýran edýär dünýäni,
Arkadagymyzyň ajap eýýamy.
Gahryman Serdarmyz halkyň saýlany,
Garaşsyzlyk bilen galkyndy Diýar.
***
Maksatlarmyz aýdyň dünýäň ýüzünde,
Bagtdyr, ýurdy parahatlyk bezände.
Bereket bar ülkämiň dag-düzünde,
Garaşsyzlyk bilen galkyndy Diýar.
***
Ýaşulular eýe hormat, mertebä,
Halkym milli dessur-däbine eýär.
Baky Bitaraplyk dillerde sena,
Garaşsyzlyk bilen galkyndy Diýar.
***
Milli Liderimiz Arkadagmyza,
Arkadagly Gahryman Serdarmyza—
Alkyş bolsun! Ýetirdi bagtymyza,
Garaşsyzlyk bilen galkyndy Diýar.
Allaberdi BEGMYRADOW