logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYK-KÖŇÜLLERIŇ GUWANJY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk-köňülleriň guwanjy» ady bilen «Baýramhan» seýilgähinde göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýdyň ösüşli menzillere tarap ynamly öňe barýan Watanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şanly Garaşsyzlygyň 34 ýyllygynyň giňden bellenilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu şanly sene eziz Watanymyzyň dünýä derejesindäki abraýyny has-da pugtalandyrýan, gadymy dostluk ýörelgelerimizi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýan aýratyn ähmiýetli baýramdygy barada çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyryldy bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda halkymyzyň asuda parahat ýaşamagy ugrunda birnäçe taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.