Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň
Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen, Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk – mizemez bagtymyz» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler, Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllary içinde şan-şöhratly ýoly geçendigi hem-de asuda Watanymyzyň gazanan üstünlikleriniň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryndaky oňyn özgertmeleriniň sazlaşykly ösüşlerini emele getirendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, berkarar döwletimiziň uly mümkinçiliklere eýe bolan, ösýän ýurt hökmünde halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýändigi hakynda bellediler.