logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyzlyk ruhy bilen batlanýar bedew

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde “Garaşsyzlyk ruhy bilen batlanýar bedew” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygy şeýle-de gadamy batly bedewlerimiz barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenimiz Gahryman Arkadagymyzyň “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eserlerinde bedewleriň taryhy, ösdürilip ýetişdirilişi, häzirki wagtda olara goýulýan hormat-sarpa barada beýan edilýän ajaýyp setirleri okap berdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy bedew batly beýik ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.