logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GARAŞSYZLYK ŞAN-ŞÖHRATYM BEDEW BATLY TÜRKMENISTAN

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk şan-şöhratym, bedew batly Türkmenistan» ady bilen aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler biri-birinden zyýada gelýän ýyllar halkymyzyň ykbalyna bagtyýarlyk, rowaçlyk hem-de ösüş-özgerişlere beslenýän ýurdumyz şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de her ýylyň döwrebap atlandyrylyp, jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli şygarlar bilen dabaralandyrylmagy halkymyzyň agzybirligini, ruhy bitewüligini pugtalandyrýan möhüm ýörelgä öwrülendigi barada çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy rowaçlyklaryň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.