Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Garaşsyzlyk, türkmeniň bedew batly mekany» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Garaşsyzlyk ýyllary içinde giň möçberli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň işi dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi esasynda kämilleşdirilip, häzirki zaman türkmen nusgasyny kemala getirendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň milli buýsanjy, bahasyna ýetip bolmajak taryhy, medeni mirasy we ýurduň iň ajaýyp nyşanlarynyň biri hökmünde tutýan orny barada aýtdylar we Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseri bolan “Atda wepa-da bar sapa-da” atly ajaýyp eseriniň many-mazmuny hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy bedew bady bilen beýik ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.