Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi 102-nji çagalar bakja bagynda “Geliň aýdym aýdalyň” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini gurady. Çagalar bakja bagynda guralan sergidäki kitaplar, ertekiler çagalarda uly täsir galdyrdy. Kitaphanaçylaryň okap beren ertekilerini çagalar uly höwes bilen diňlediler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda nesilleriň uçar ganaty bolan kitabyň gadyry beýik tutulýar.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli bolmaklary, döwrebap dynç almaklary üçin şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren we ony parasatly dolandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.