Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda 148-nji çagalar bagynda «Geliň, erteki okalyň» ady bilen çeper okaýyş geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn goramak, üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi, olaryň sagdyn we ruhubelent ýaş nesiller bolup ýetişmekleri üçin atalyk aladalar bilen gurşalýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýaş nesillerde kitap okamaga bolan höwesi artdyrmak, olarda päklik, ahlaklylyk, edermenlik duýgularyny oýarmakda birnäçe kitaplaryň ähmiýetiniň aýratynam ertekileriň gahrymanlarynyň häsiýetleriniň çaga terbiýesine uly täsir edýändigi barada aýtdylar we türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler.
Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.