logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«GELJEGIŇ MIRASY» HALKARA BAÝRAGYNYŇ EÝESI

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň uludan toýlanýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen medeniýeti we sungaty uly ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň dünýä döwletleri bilen amala aşyrýan dost-doganlyk gatnaşyklary ajaýyp zamanamyzyň her bir gününe gözellik, bagtyýarlyk bagyş edýär.

2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda taryhymyzyň sahypasyna altyn harplar bilen ýazyljak buýsançly wakalaryň şaýady bolmak uly bagtdan nyşandyr. Mälim bolşy ýaly ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Özbegistan Respublikasyna üstünlikli döwlet iş sapary amala aşyryldy we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Ýokary derejede geçirilen konsultatiw duşuşygyň çäginde görnükli sungat ussatlaryna «Geljegiň mirasy» atly halkara baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Karary bilen esaslandyrylan bu halkara baýrak edebiýat, medeniýet, sungat, ylym, bilim hem-de sanly tehnologiýalar ulgamlarynda uly üstünlik gazanan ýerli we daşary ýurtly döredijilik işgärlerini höweslendirmäge gönükdirilendir.

Dünýä giňişliginde medeni, ylmy we ynsanperwer gymmatlyklaryny häzirkizaman galkynyşy ruhunda ilerletmekde, halkara dialogyny berkitmekde aýratyn hyzmatlary bitiren Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Hormatly doktory, ýokary okuw mekdebimiziň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň uly mugallymy Babasary Annamyradowa “Geljegiň mirasy” atly halkara baýragynyň gowşurylmagy ýatdan çykmajak wakalara besledi.

Türkmenistanyň heýkeltaraşlyk sungatynyň gülläp ösmeginde özüniň irginsiz zähmeti bilen tanalýan ussat halypamyz Babasary Annamyradowyň döreden monumental we stanok heýkelleri sungatyň taryhynda aýratyn uly orun tutýar. Ussadyň döredijilik ýolunda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ebedileşdirilen beýik şahsyýetlerimiziň heýkel ýadygärlikleri Garaşsyzlyk döwrümiziň çeperçiligini has-da artdyrýar. Taryhy şahsyýetlerimiz bolan edermen serkerdelerimiziň, şahyrlarymyzyň, alymlarymyzyň, medeniýet we sungat işgärleriniň döredijiliklerini öwrenmek, ony halka ýetirmekde, ýaş nesli watansöýüjilik, agzybirlik, jebislik ruhunda terbiýelemekde, ynsanperwer garaýyşlary dünýä ýaýmakda halypa mugallymyň döredijilik ýoly uly mekdepdir.


Bilbil Çaryýewa

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy