Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda milli bahar baýramy mynasybetli «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» ady bilen aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynda gülleýän eziz diýarymyzda gadymy Nowruz baýramy agzybirligiň, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, rysgal-berekediň, dost-doganlygyň baýramy hökmünde her ýylda şatlyk-şowhun bilen giňden toýlanýandygy, bu baýram öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, durmuşyň baky dowamatyny, hoşniýetliligini, ýokary ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de milli bahar baýramynyň ajaýyp däpleri halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý edebi mirasyny öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadygy barada hem belläp geçdiler.
Çäräniň dowamynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň “Ýaşlyk” höwesjeň halk topary ajaýyp aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.