logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GIŇ JAHANYŇ GÖRKI BAHAR-ÝAZDADYR

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Magtymguly Pyragy medeni seýilgäh toplumynda “Türkmensitan” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Giň jahanyň görki bahar-ýazdadyr” atly söhbetdeşligi geçirdi.

Eziz diýarymyza bahar paslynyň gelmegi bilen tebigatymyz ýaşyl dona bürenip, daragtlar pyntyk açyp gül-gunçalar lälezarlyga beslenýär. Bahar paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde daş-töwerek has-da owadanlaşýar, gözelleşýär, ajaýyp keşbe öwrülýär, buzlary eredip, bulaklary döreden bahar pasly äleme özüniň gözelliklerini, ajaýyplyklaryny çaýýar. Bahar paslynyň her bir güni, her bir pursady gözelligiň soltany bolan owadan güller bilen bezelip gözel tebigatymyz has-da gözelleşýär. Şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenleri birek-birek bilen pikir alyşyp, pasyllaryň soltany hasaplanylýan bahar paslynyň ajaýyplyklary hakynda täsirli gürrüňleri etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz diýarymyzy baky bahar paslynyň mekanyna, bagy-bossanlyga, gül-gülzarlyga öwürmeklikde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.