logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GÖÇME KITAP SERGISI

Arkadag şäheriniň häkimligi tarapyndan hem-de Arkadag şäherinde zähmet çekýän pudak edaralarynyň bilelikde gurnamaklarynda Akhan binasynda “Türkmen milli bedewiniň” baýramçylygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Baýramçylyk çäresinde taryhy ajaýyp kamaty, ýyndamlygy, çydamlylygy, syzgyrlygy, wepalylygy kimin buýsançly häsiýetleri bilen giren türkmen bedewleriniň waspy belentden ýaňlandy. Şu ajaýyp pursatda dabaraly baýramçylyk çäresinde türkmeniň milli gymmatlyklaryna degişli behişdi bedewlerimize ajaýyp öwüşgin berýän şaý-sepleriň, haly önümleriniň, keçe önümleriniň sergileri gurnaldy. Şeýle-de, bu ajaýyp sergide däp-dessurlarymyz bolan üme dessury, milli saz senedimiz bolan dutar ýasamak işi hem-de türkmen ýigitleriniň bezegi bolan silkme telpeginiň tikilişi ýaly türkmen gymmatlyklary sergide giňden ýaýbaňlanyldy. Şeýle hem, bu ajaýyp sergini baýlaşdyrmak maksady bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň göçme kitap sergisini gurnady. Göçme kitap sergide bedewlerimiziň waspyny ýetirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly eserleri hem bu ajaýyp sergä aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu dabaraly çärede hem bagşy-sazandalarymyz özleriniň ajaýyp sazlarydyr, aýdymlary bilen Watanymyzy, ahalteke bedewlerimiziň waspyny belentden ýerine ýetirdiler.
Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda behişdi bedewlerimiziň waspyny belentde sarpalaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözleri aýdyldy.