logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GÖZELLIK NURUN SAÇYP, NOWRUZ GELDI ILIME

GÖZELLIK NURUN SAÇYP, NOWRUZ GELDI ILIME

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Gözellik nurun saçyp, Nowruz geldi ilime» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler parahatçylygyň, bagtyýarlygyň we eşretli durmuşyň mekany hökmünde äleme dolan gözel diýarymyzyň her bir güniniň toýdyr-baýramlara, şany senelere, taryhy wakalara beslenýändigini şeýle-de ýurdumyzda Milli Bahar baýramy Halkara Nowruz gününiň giňden bellenilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Pasyllaryň soltany ýaz paslynyň buşlukçysy bolan Bahar baýramy Halkara Nowruz güni mynasybetli obadyr şäherlerimiziň toý donuna bürenip, milli däp-dessurlarymyzyň has-da ýaýbaňlandyrylýandygyny uly buýsanç bilen bellediler.

Çäräniň ahyrynda milli däp-dessurlarymyzy äleme ýaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.