GÜL
(hekaýa)
Şol wagt ýaz aýlarydy. Oba adamlary mellegine agaç nahalyny oturtmagyň hysyrdysyndady. Sähralaryň maşgalasam obadaşlary ýaly miweli, saýaly baglaryň ençeme düýbüni mellege oturtdylar.
–Gyzym, ine, şu düwünçegiň içinde hoşboý ysly gülüň tohumy bar. Häzir gül ekmegiňem aýny wagty. Gel, ikimiz gül ekeli diýdi-de, Tuwak eje biline düýe ýüň guşagyny mäkäm guşandy. Melleklerindäki dürli miweli, saýaly baglaryň ygşyldap oturyşy Tuwak ejäň göwnüni göterdi.
–Ýyllarymyz bereketli gelýär. Enşalla baglaryň miwesem bol bolar. Sapagyndan ýolup ter miwe iýmek, adam saglygyna-da peýdaly. Süýji suwly, güneşi nurly topragymyza döneýin. Goýnunda bal ýaly ir-iýmişler ýetişýär.
-Dogry aýdýaň eje, gülleri nireden ekeli?!
-Ynha, şu ýerden ekeris welin, çar ýana bezeg berer. Ejesiniň saýlan ýerini Sährada oňlady.
-Güller gözelligini bize-de, goňşulara-da eçiler.
-Şundan soň eneli-gyz gül tohumlaryny ekdiler. Tohum diýeniň ýere taşlaňsoň, ösüp ulalmak bilen. Güllerem gün-günden boý aldy. Çybyklarynda nowçalar peýda boldy. Gülüň ilkinji gülüni Sähra gördi.
-Eje gülümiz gülläpdir. Reňkem ak.
-Tüweleme, ýör hany göreli. Güli ysgamagam gerek däl. Hoşboý ysy çar-ýana burk urýar. Owadan ak güllere seretsene:
-Gyzym, her zadyň maksady bolmaly. Il içinde «Ak zat alnyňa ýagşy» diýen söz bar. Biziň ak bägüllerimizem adamlaryň iň bagtly pursatyna şaýat bolsun. Arzyly sowgat bolsun. Eli gülli adam üýtgeşikdir. Ýüzi nurana, gözlerem gül ýaly gülüp durandyr. Gülleri hiç wagt satmalyň! Ony diňe sowgat bereliň! Bular ýaly täsin zatlaryň hikmeti bolýar ahyry diýip uzaklary nazarlady.
-Ol nähili hikmet. Sähranyň bilesigelijiligi artdy. Tuwak eje-de çynlakaý söhbede başlady.
-Gülleriň hoşboý ysy ynsan ýüregini ýumşadyp, oý-pikirlerini durlamaga ukyply. Ýüregi ýumşak adam töwerek-daşyna mähir paýlaýar. Adamyň özüni bagtly duýmagynda mähriň uly orny bar. Adam näçe ýaşasa-da mähirden hiç wagt ganmaýar. Mähir durmuşda iň küýsegli zat.
-Hemişe mähriban bolmak üçin nähili bolmaly, syry nämede-kä?! diýip, Sähra ýene ejesine ýüzlendi.
-Ýakymly ysly gül-güläleklere ýakyn durmak, kalbyňy gowy pikirlere besleýär. Gowy pikirler aňyňy durlasa, gülleriň ýakymly ysy kalbyňy durlar. Ejesiniň bu sözleri Sähra täsir etdi. Her gezek güllere nazary düşende şol sözler ýadyna düşdi. Söz keramatyna Sähra şol gezek göz ýetirdi. Güllere bolan söýgüsi artdy. Günüň bol nurundan kemsiz ganan güller läle-reýhan bolup açyldy. Goňşulary Mähriniň gelmegi, Sähranyň pikirini böldi.
-Bu gülleriň enaýydygyny. Bilýäňmi Sähra?! Şu gün Nabat ene ýüz ýaşaýar. Güllerden çemen bogup ýaş toýuna sowgat etsek ol begenerdi.
-Örän gowy pikir Mähri. Ýüz ýaşly enäni begendirsek, bizem begeneris. Şol pursat Nabat ene bilen bagly waka ýadyma düşdi. Ol wagt biz üçünji synpda okaýardyk. Oba adamlary Nabat enäniň eliniň, diliniň süýjiliginiň tarypyny ýetirerdiler. Biz çagalar welin, Nabat enäň alma kaklarynyň süýjüligine güwä geçip biljekdik. Ol haýsydyr bir ýumşuny bitirseň hökman alma kakyny bererdi. Şol gün menem Nabat ene bilen pete-pet gabatlaşdym. Biz gadyrly salamlaşdyk.
-Getiriň zatlaryňyzy göterşeýin – diýip, elindäki ýantorbasyny aldym.
-Göterişseň-ä kem bolmazdy. Ýantorbalaryň hersini bir elimde göteremsoň olaryň agramy duýlanokdy. Biz gümür-ýamyr edip barşymyza, Nabat enelere ýetenimizem duýman galypdyrys. Pikir edişim ýaly, Nabat ene goşawujymy alma kakyndan dolduryp goýberdi. Men muňa diýseň begendim. Ejemiň ýanyna howlukdym. Ejem Nabat enä kömekleşip oňat iş edendigime begendi. Garrylara kömek etmek sogapdyr. Nabat enä kömekleşenimi görelde hökmünde ejem soň-soňlar hem gürrüň berdi ýördi. Çagasynyň ýagşy hereketiniň enäniň başyny göge ýetirýändigine, şonda şaýat boldum.
-Şol pursat Tuwak eje-de gelip:
-Gyzym, şu gün Nabat enäniň ýüz ýaş toýy. Güllerden çemen baglap eltip bersek ol begener diýdi. Mähri ikimiz sähel salymyň içinde güllerden owadan çemen bagladyk. Bizem ejem bilen Nabat enäniň ýüz ýaş toýuna gaýtdyk. Ýakasy nagyşly köýnegi, başyndaky gyňajy Nabat enä gelşik berýärdi. Asyl ol ýüz ýaşla meňzänokdy. Nabat enäň süňňüniň sagatlygyna begendim.
-Ýüz ýaş toýuňyz gutly bolsun Nabat ene. Şeýdip ýüz ýaş toý toýlamak hemmelere nesip etsin – diýip ejem owadan ak gyňajy başyna atdy.
-Hany, gyzlar sizem eneňize sowgadyňyzy beriň!
-Ýaş toýuňyz gutly bolsun diýip, biz bir topbak ak güli Nabat enä uzatdyk. Ol gülleri emaý bilen alyp, ýakymly ysyny işdämenlik bilen içine sordy.
-Eneňize örän gowy sowgat getiripsiňiz. Güli gowy görýänimi nireden bildiňiz. Bularyň terligine seretsene. Gül ösdürseňiz, aljagyňyz diňe alkyş bolar. Gül sowgat berýän elde ýakymly ys galýandyr. Munuň manysy düşnükli — özgeleriň durmuşyny gowulaşdyrmagyň hatyrasyna zähmet çekseň, öz durmuşyň hem oňatlaşar. Güller özüne yhlas edip seredýän eýeleriniň ýagşy arzuw-niýetleriniň hasyl bolmagyna kömek edýär. Güle hormat goýup, ösdürip ýetişdirýän adamyň göwnem gül ýaly päkdir – diýip, Nabat ene sözüne dyngy berdi. Gülleriň bu häsiýetli aýratynlygy hakynda men ozalam eşidipdim. Ýöne känbir pitiwada bermändirin. Aňymda üýtgeşik bir zat galmandyr. Nabat enäniň gül hakyndaky gürrüňlerini welin diňläsim geldi.
-«Dile geldi – bile geldi» diýipdirler. Güller hakda gürrüň berseňizläň, ene diýip, ondan haýyş etdim. Ol bolýar diýen äheňde başyny atyp söze başlady.
-Adam durmuşda gözelligi gözleýär. Bu gözlegde-de hemişe gülleriň ýanynda eglenýär. Bu bir tötänlik däl. Gül adam göwnüni gülledýär, ruhuny belende göterýär. Gül ysy ynsan ýüregini ýumşak saklaýar. Bu gülleriň beýleki ösümliklerden aýratynlygy. Ýaşaýan ýeriňizde hoşboý ysly güller näçe köp bolsa kalbyňyz hem saglygyňyz şonça berk bolar diýdi. Ýüz ýaşly bolsa-da Nabat enäniň gepini-sözüni düşündirmäge gurbaty ýetýärdi. Bu sözler ejemiňki bilen gabat geldi. Ine, ýene-de gujagy gülden doly enäniň daşyny oba zenanlary galladylar. Her kim oňa sowgat-serpaý ýapdy. Al-elwan ter gülleriň arasynda ol has juwan görünýärdi. Belki güller zenana juwanlyk nuruny paýlaýandyr. Bu hut şeýle bolmaly diýen pikire men şol pursat berk ynandym. Nabat ene bilen ejemiň gül baradaky gürrüňleri güle we gül göwünli adamlara synmaz söýgi döretdi.
Ogulgurban GAŞLAKOWA
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni 27.03.2025