logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GÜÝZ «GALEREÝASY»

Ýylyň her paslynyň öz gaýtalanmajak aýratynlygy bolýar. Gyşyň zeminiň üstüni örtýän ak mahmalyny, baharyň döredýän täsin simfoniýasyny, dürli naz-nygmatlary alyp gelýän tomsuň jomartlygyny deňäre zat tap-da tapybilseň. Ýöne men-ä güýzüň kalbyma edýän täsirini beýleki pasyllardan has-da ileri görýän. Esasanam, onuň «altyn şaý-seplerini» dakynyp gelşi üýtgeşik. Megerem, tebigat hut şu pasylda iň owadan lybaslaryna beslenýändir. Baglaryň ýapraklaryny kem-kem sargylt-gyzyl reňklere öwrüşi alawyň ýuwaş-ýuwaşdan tutaşyşyny ýadyňa salýar. Şeýle günlerde şäheriň seýilgählerine gezelenje gidip gördüňizmi? Ýok, beýle gezelenji: «Tebigat atly suratkeşiň sergisine baryp görmek» diýip atlandyrasym gelýär. Özüm-ä aňrujy mümkinçilik tapsam, tebigatyň şeýle «sergilerine» her ýyl bir däl, birnäçe gezek baryp görmäge çalyşýan. Tebigat atly suratkeş seniň sergä baranyňa begenýän ýaly, öňüňe ýapraklardan owadan haly düşemegi-de ýatdan çykarmaz. Ol halylary her gezek basanyňda çykýan täsinje «hyrtylda» gulak asyp, tebigatyň her gün bir görnüşe gelýän «kartinasyny» synlamagy, dogrusyny aýtsam, kalbymyň iň gowy melhemleriniň biri hasaplaýan. Sebäbi bu «sergä» ilkinji gezek enemiň yzyna düşüp gelipdim.

Şol gün kakam bilen teatra gitmelidik. Ýöne kakamyň jaň edip, işde eglenmeli boljakdygyny aýtmagy bilen, teatrly gürrüň soň bir güne goýuldy. Elbetde, bu ýagdaý hemmeden beter maňa täsir edipdi. Sebäbi teatra gidýändigimizi mekdepdäki joralaryma-da aýdyp çykypdym. Teatrda oýun görjegimdenem beter, şolaryň ýanynda magtanyp, agyzlaryny suwartmak mümkinçiligi maňa has wajypdy. Indi, näme, olaryň gyjalatlaryny eşitmelimi?

Şeýle pikirler bilen torsarylyp otyrkam, enemiň gelip başymy sypalamasyna özüme geldim. Onuň: «Gynanaýdyňmy, balam?» diýen sowalyna diňe baş atyp jogap berip bilipdim. Gözýaşlarymyň paýrap gaýtmagy üçin şo-da ýeterlik bolupdy. Enem başymy sypap, biraz oturansoň:

— Men seni gowy ýere alyp gideýinmi? — diýdi.

— Nirä?

— Teatrdanam gyzykly ýere.

Men oňa soragly nazarymy dikdim.

— Çynyňmy? Beýle ýerem barmy?

— Howwa bar, sen suratkeşleriň sergisine gidip gördüňmi? — Men başymy ýaýkadym. Enem meni bagryna basdy. — Onda sen tebigatyň çeken suratlarynam synlap gören dälsiň? — Men ýene başymy ýaýkadym. — Onda Gün ýaşaýmanka howlugaly — diýip, enem ýerinden turdy.

Şol gün enemiň yzyna düşüp ertekiler dünýäsine aralaşan ýaly boldum. Şäher seýilgähiniň içinden öňem az geçen däldirin welin, şol gün girelgeden ätlän pursatymdan tebigatyň döreden gözelliginiň jadysy meniň çaga kalbymy tutuşlaýyn gurşap aldy. Esasanam, tebigatyň «güýz ulanýan» reňkleriniň ýaşyp barýan Günüň «yşyklandyryş ussatlygynyň» täsirinde gelýän görnüşi hakyky täsinlikdi. Enem bolsa şol gün «muzeý ýolbelediniň» wezipesini ýerine ýetiripdi. Onuň meniň çaga göwnümi galkyndyrjak bolup, töweregiň görküniň sähelçe bölejiginem ünsümden düşürmejek bolup jan edişi häli-häzirlerem gözümiň öňünden gidenok. «Tebigatyň döreden eseriniň» käbir ýerlerini görkezende, meniň haýran galmakdan ýaňa bökjekleýşime, ol mendenem beter begenýärdi.

Garaz, şol gün tebigat atly suratkeşiň sergisine ilkinji gezek gidip gördüm. Şäher seýilgähindäki täsin tebigy «galereýa» soň-soňlaram kän bardym. Göýä, şol täsin görnüşleriň içine aralaşsam, tebigat atly suratkeş meniň elimden tutagada: «Ýör, eneňi görkezeýin» diýip, mähribanymy öňümden çykaraýjak ýaly, her gezek ol ýere tolguna-tolguna barýan. Ine, şu günem men tebigatyň ussatlygyndan dörän görnüşlerden mährimi gandyryp bilmän durun. Ýene-de şol täsin görnüşler. Çagalygymyň süýjüje ýatlamalaryndan orun alan ol görnüşleri synlap durşuma bir täsin pikir serime geldi. Asyl şol gün «tebigatyň surat sergisine» alyp gelen enem maňa iň wajyp zatlaryň birini — gözelligi görmegi başarmagy öwreden ekeni.

Göwher NURYÝEWA, Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň mugallymy

«Edebiýat we sungat» gazeti