logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Halk Maslahaty: Aýdyň maksatlar, möhüm wezipeler

Golaýda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen Lebap welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda, ýurdumyzda uludan toýlanjak dabaralar mynasybetli, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde, “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti we öňde goýýan wezipeleri” atly maslahat geçirildi. Maslahatda edilen çykyşlarda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler uly buýsanç bilen bellenildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, il-günümizi bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ýurdumyzy gülledip ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.