logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Halk maslahaty – Ýaşlaryň ynamly ýoly

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Jemgyýetçilik guramalarynyň Milli merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalarynyň gatnaşmaklygynda “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň ýazgy etmekliginde “Halk maslahaty – Ýaşlaryň ynamly ýoly” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurduň geljekki ösüş ugurlaryny kesgitleýän iň ýokary wekilçilikli organy bolmak bilen, ýaşlaryň jemgyýetdäki ornuna we olaryň döwlet dolandyrylyşyna gatnaşmagynda uludan üns berilýär. Ýaşlaryň Halk Maslahatynyň çäklerindäki işjeňligi milli gymmatlyklara sarpa goýmak, ylym-bilimi ösdürmek we ýurduň röwşen geljegini bilelikde gurmak ýörelgesine esaslanýar.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Ýaşlary Watanymyzyň daýanjyna deňeýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.