logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HALK MIRASY - HALKYŇ RUHY HAZYNASY

Ýurdumyzyň Lebap welaýatyna ylmy-etnografik ekspedisiýa guraldy Türkmen halkynyň gadymy medeni mirasy, ruhy gymmatlyklary asyrlaryň dowamynda has-da baýlaşyp, kämilleşip biziň günlerimize gelip ýetdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan milli-ruhy we medeni mirasyny öwrenmek, olar baradaky gymmatly maglumatlary halk arasyndan toplamak, gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan welaýatlara ylmy-etnografik ekspedisiýalary guramaklyk meýilleşdirildi we medeniýet işgärlerinden, alymlardan, žurnalistlerden hem-de talyplardan ybarat bolan ýörite ylmy-döredijilik topary döredildi. 2026-njy ýylyň 10-12-nji marty aralygynda bu topar Lebap welaýaty boýunça öz işine başlady. Toparyň agzalary Lebap welaýatynyň etraplarynda, obadyr şäherlerinde bolup, türkmen halkynyň haly-palas senetçiligi, amaly-haşam we keşdeçilik sungaty, folklor-tans sungaty, dutar we tüýdük ussaçylygy, milli tagamlary taýýarlamagyň tejribesi, maşgala we toý däpleri, milli lybaslary taýýarlamagyň milli tejribesi, alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmegiň milli tejribesi, toý aýdymlary, halk döredijiliginiň hüwdüler ýaly görnüşleri barada gyzykly maglumatlary topladylar.
Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy döreden we halkyň arasynda saklanyp galan ruhy mirasy hem-de beýleki etnografik gymmatlyklary halkyň baý mirasynyň ajaýyp nusgalarydyr. Ekspedisiýanyň dowamynda halk mirasynyň dürdäneleri barada gymmatly maglumatlary köp bilýän dilewar, ýatkeş ene-mamalarymyz, ýaşulularymyz bilen söhbetdeş bolundy. Olar bilen gürrüňdeş bolmak geçmişe gaýybana syýahat etmekdir. Halk mirasy halkyň hakydasynda ýaşaýan gymmatlyklardyr. Olary toplamak, öwrenmek we nesillere ýetirmek mukaddes borjumyzdyr.

OGULTÄÇ HOJANAZAROWA,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary