logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Halkara kitaphana gatnaşyklarynyň ösüşi

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Güneş” žurnaly hem-de “Edebiýat we sungat” gazeti bilen bilelikde “Miras” teleýaýlymynyň ýazgy etmekliginde Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa Döwletine amala aşyran döwlet saparynyň cäklerinde iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça uly resminamalar toplumyna gol çekilmegi aýratyn-da “Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Gruziýanyň Ilýa Çawçawadze adyndaky Milli kitaphanasynyň arasynda kitaphana işi çygrynda Özara Ähtnama” baglaşylmagy mynasybetli söhbetdeşlik geçirdi.

Kitaphana işini sanlylaşdyrmak, seýrek duş gelýän golýazmalary sanly görnüşe geçirmek hem-de elektron maglumat binýatlarynda özara elýeterliligi üpjün etmek boýunça tejribe alyşmaklyga ýardam berjek bu ähtnamanyň kitap we kitaphana işinde ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Bu ähtnama giň okyjylar köpçüligine türkmen we gruzin alymlarynyň, baý edebiýaty bilen has ýakyndan tanyşmaklyga giň mümkinçilikleri açar. Ine şular dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oña gatnaşanlar kitap we kitaphana işini halkara kitaphana ulgamy bilen tejribelerini baýlaşdyrmaklykda döwletara kararlardyr, resminamalary kabul edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar beýan edildi.