logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HALKARA SIRK SUNGATY FESTIWALY

HALKARA SIRK SUNGATY FESTIWALY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň tejribe okuwyny geçýän talyplary bilen bilelikde, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň paýtagty Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklaryny almaklary bilen bagly söhbetdeşlik gurnaldy. Tejribe geçýän talyplar, Döwlet kitaphanasynda ýurdumyzyň ösüşli taryhy wakalary bilen bagly täzelikleriň şeýle beýik derejede wagyz edilýänligine uly gyzyklanma bildirýärler. Şeýle baýraklaryň yzy üzülmesin! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt ähmiýetli işleri rowaç bolsun!