logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HALKARA YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 25-26-njy martynda Moskwa şäherindäki Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanan “Margiana siwilizasiýalaryň çatrygynda: Merkezi Aziýa, Kawkaz we Ýakyn Gündogaryň gadymy we häzirki zaman medeniýetara gatnaşyklary” atly Halkara ylmy maslahaty geçirildi.

Russiýa Federasiýasynyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky etnologiýa we antropologiýa institutynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Russiýa Federasiýasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň guramagynda geçirilen, bu Halkara ylmy maslahatyna Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistanyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Italiýa we Fransiýa Respublikasynyň belli alymlary, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň wekilleri hem-de Moskwa şäherinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Ylymlar akademiýasynyň foýesinde, Türkmenistanyň baý taryhy we medeni gymmatlyklaryny, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny açyp görkezýän fotosuratlaryň sergisi gurnaldy.