Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň dogulan güniniň 105 ýyllygy mynasybetli «Halypa hormaty» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge uly goşant goşan ussat halypalarymyzyň atlaryny ebedileşdirmek, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny giň gerimde dowam etmek, halypalaryň nusgalyk ýollaryny ýaşlara geçirmek bilen baglanşykly uly işleriň alnyp barylýandygyny, şeýle ussat halypalarymyzyň biri hem meşhur opera aýdymçysy, sazly sahnada ajaýyp keşpleriň ençemesini döreden, halkymyzyň söýgüsini gazanan Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde ussadyň öz döwüründe aýdan aýdymlary şeýle hem gatnaşan opera eserlerinden birnäçe sazlary ýerine ýetirdiler.
Çäräniň ahyrynda halypa ussatlarymyzy, şahsyýetlerimizi ýatlamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.