Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkezinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň döredijiligine bagyşlanyp söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň baý ruhy mirasyna, aýratyn-da nusgawy edebiýatyna uly sarpa goýýandygy, söz ussatlarynyň döredijiliginiň ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedigi barada söhbet etdiler. Şeýle hem, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň birnäçe eserleri ýazandygy, şol eserleriň dürli ýaşly okyjylara niýetlenip, olaryň birnäçesiniň daşary ýurt dillerine terjime edilendigi we dürli halklaryň okyjylary tarapyndan gyzgyn garşylanandygy hakynda giňişleýin durup geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy sazlaşykly ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.