logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HALYPANYŇ GÖRELDESINDEN YLHAM ALAN ŞÄGIRTLER

HALYPANYŇ GÖRELDESINDEN YLHAM ALAN ŞÄGIRTLER

Berkarar döwleti täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde we ony dünýä derejesine çykarmakda sungat işgärleriniň öňünde esasy wezipeler bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň gözýetimli, ynsanperwer, ruhubelent ýaşlaryň kemala gelmegi hakynda uly aladalar edýär. Dürli döwürleriň jemgyýetçilik, syýasy, medeni durmuşynda bolup geçen möhüm wakalaryň beýany suratkeşlerimiziň halkymyza miras saldyran kämil sungatynyň üsti bilen biziň döwrümize gelip ýetýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Bir halypanyň iki şägirdi» atly ajaýyp sergisi açyldy. Bu sergi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymy Annageldi Jumaniýazowyň we onuň zehinli şägirtleri Merdan Kakabaýewiň we Merdan Babajanowyň nakgaşlyk eserlerine bagyşlandy. Suratkeşler öz döredijilik işlerinde täze döwrebap akymlaryň üsti bilen ýurdumyzyň gözel tebigatyny we türkmen halkynyň gündelik durmuşyndan alnan pursatlaryny halk köpçülige ýetirýärler.

Serginiň ekspozisiýasynda Annageldi Jumaniýazowyň «Annadurdy Almämmedow», «Babasary Annamyradow», «Ýatlama», «Awtoportret», «Sesli agşam», «Kädili natýurmort» ýaly nakgaş eserlerini görmek bolýar.

Sergide görkezilen eserler suratkeşleriň baý ruhy we döredijilik tejribesini görkezýär. Nakgaşlaryň çeken taslamalary watansöýüjiligi, parahatçylygy, dost-doganlygy, abadançylygy aýdyň açyp görkezýär.



Jemal ALTYMUHAMMEDOWA



Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby