logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Häzirki zaman edebiýatynda bedewleriň waspy

15-nji aprelde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň bilelikde guramaklarynda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň binasynda, ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşmagynda «Häzirki zaman edebiýatynda bedewleriň waspy» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, şahyr Bazar Şalyýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, «Güneş» žurnalynyň bölüm redaktory Güljahan Myradowa dagy gatnaşyp, ýazyjy-şahyrlarymyzyň bedewlerimizi wasp edýän goşgudyr kyssa eserleri hakynda täsirli söhbetleri etdiler, behişdi bedewlerimize bagyşlap döreden şygyrlaryny okadylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzyň bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem, çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynyň döredijilikleriniň kämilleşmeginde, täze eserleriň döremeginde gymmatly hazyna, nusgalyk ýol-ýörelge bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtadylar.
Türkmeniň ýelden ýüwrük dal bedewleriniň waspy indi ençeme asyrlar bäri dilleriň senasyna öwrüldi. Nusgawy edebiýatymyzda, halk döredijiligimizde, aýdym-saz sungatymyzda tarypy ýetirilen bedewler tomaşaly toýlarymyzyň bezegi bolmak bilen, seýkin basyp ýöreýşi, eýesine wepaly häsiýetleri bilen dünýä halklaryny haýran galdyrýar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejeli festiwallarda, ýaryşlarda üstünlikli çykyşlar edip, altyn kuboklara hem-de beýleki baýraklara yzygiderli mynasyp bolmaklary ýatdan çykmajak taryhy wakalardyr.
«Aty baryň — ganaty bar» diýen pähimden ugur alýan türkmen halky bedew atyny özüniň iň wepaly dosty hasaplapdyr. Merdana pederlerimiziň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri irki döwürlerden bäri ýigidiň belent maksadyna ýetmeginde uçar ganaty bolupdyr. Behişdi bedewlerimiziň ýyndamlygy, gözelligi, sarçlygy, eýesine wepalylygy ýazyjy-şahyrlarymyzyň täze eserleri, şygyrlary döretmeklerinde ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär – diýip çykyş edenler bellediler.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi bedew batly ösüşlere besleýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni