Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk sazy» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Halkara bäsleşikleriň laureaty Jorakulyýew Hijranyň ýekelikdäki “Uçurum - 2026” atly konserdi geçirildi geçirildi.
Konsert Hijranyň meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň “Elegiki prelýudiýa we fuga” atly fortepiano üçin eserini taýýar-saýlama akkordeon üçin täzeden işlän sazy bilen başlady. Soňra Frank Anželisiň “Ритмическая коробочка” eserini Akardeon saz guralynda rän täsirleri ýerine ýetirdi. Rus we sowet kompozitory Анатолий Журбин “Соната № 2” e-moll sazy ýaňlandy. Konsert ýaş sazanda Hijranyň ýene-de bir täzeden işlän Fransuz kompozitory we pianisty Камиль Сен-Санс “Пляска смерти” atly eseri bilen diňleýjileri akkordeon saz guralyndan çykýan owazy bilen özüne maýyl etdi.
A.Babaýewiň “Звёздный вальс” atly eseri diňleýjilere ruhy lezzet paýlady. A.Şapoşnikow we W.Muhadowyň “Zöhre-Tahyr” operasyndan “Zöhräniň aýdymy” eseri ýerine ýetirdi. Konsert N.Halmämmedowyň “Ýetişermikä” atly aýdymy bilen dowam etdi. Soňra ýene-de Awstriýa kompozitory F.Şubertiň döredijiliginden “Serenada” ýaňlandy.
Hijranyň ýerine ýetiren Анатолий Белощицкий “Испанская сюита” atly eseriniň 5-nji bölümi bilen konsert jemlendi. Konsert jemlenenden soň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyplary Halkara bäsleşikleriň laureaty Hijran Jorakulyýewi gutladylar we oňa üstünlik arzuw etdiler.
Şeýle ajaýyp konsertleriñ, bäsleşikleriñ, saz festiwallarynyň döredijilik duşuşyklarynyñ yzygider geçirilmegi biz talyp ýaşlara zehinlerimizi açyp görkezmäge uly mümkinçilik bolup durýar.
Merjen ATDANOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň 4-nji ýyl talyby