logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Horezmiň parlak ýyldyzy

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda "Miras" teleýaýlymynyň "Dürler hazynasy" gepleşiginiň ýazgy etmekliginde gündogar dünýäsiniň beýik alymy we akyldary Nejmeddin Kubranyň doglan gününiň 885 ýyllygyna bagyşlap söhbetdeşlik geçirdi.

Türkmen medeniýetinde hem-de taryhynda hakyky ady Ahmet ibn Omar bolan Nejmeddin Kubra ylymy§, batyrlygyň we Watana bolan wepalylygyň nusgawy danasy hökmünde kabul edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Köneürgenç taryhy-medeni goraghanasynda Nejmeddin Kubranyň aramgähi gümmezi ýerleşýär. Bu ýer dünýäniň çar künjünden gelýän syýahatçylaryň we zyýaratçylaryň in köp gelýän mukaddes ýerleriniň biri. Onuň taryhy we ruhy mirasy häzirki wagtda hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyk hökmünde goralyp saklanylýar. Söhbetdeşligiň dowamynda şular dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

Taryhymyzy, edebiýatymyzy Özüniň ruhy we ahlak eserleri bilen baýlaşdyran şahsyýetleriň döredijilik ýoluny öwrenmeklige giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler alkyşlary beýan edildi.