Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Altyn asyr” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Söz mülküniň bossany” atly gepleşiginde “Hormatly Prezidentimiziň kitaplary–halkymyzyň göwün şady” atly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerine bagyşlap gürrüňdeşlik geçirdi.
Arkadagly gahryman Serdarymyzyň kitaplary halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan, jemgyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen gymmatly eserler. Bu kitaplar ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, milli gymmatlyklara hormat goýmaklygy öwretmekde we döwrebap pikirlenýän, bilimli, ahlakly şahsyýetleri kemala getirmekde aýratyn ähmiýete eýe. Ähli ajaýyp eserleri bilen birlikde “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitaby ýaş nesliň ruhy-terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär we olaryň geljekde döwletimiziň ygtybarly daýanjy bolup ýetişmegine berk binýat döredýär. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda giňişleýin gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesillerimiziň Watanymyzyň bagtyýar gelejeginiň daýanjy bolup ýetişmeklerinde beýik işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.