Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 31-nji orta mekdepde Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby ýaşlaryň jemgyýetdäki ornuny, olaryň döwletimiziň galkynyşyna goşýan goşandyny we milli terbiýe ýörelgelerini özünde jemleýän ruhy hazyna bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu kitapda ýaş nesliň öňünde duran beýik wezipeleri amala aşyrmakda, olary medeniýetli, ylymly-bilimli we Watana wepaly şahsyýetler edip ýetişdirmekde hem ýol-ýörelge bolýandygy hakynda aýtdylar.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ajaýyp atalyk kitaplary peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.