logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ÝAŞLAR WATANYŇ-DAÝANJY ATLY KITABYNDAN

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar Watanyň-daýanjy» atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar Watanyň- daýanjy» atly many-mazmunly kitaby geljekde diňe bir ýaşlar üçin ýol–ýörelge bolman, eýsem ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döretýändigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulýet höküminde biziň her birimiziň işimizde gymmatly gollanma bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, iş başarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi, şeýle-de bu ajaýyp eseriň her bir jümlesi ýaşlarmyz üçin terbiýe mekdebi bolup, Watana, halka hyzmat etmegiň belent nusga bolup durýandygy barada beýan etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaşlary elmydama üns merkezinde saklap, geljegimize uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.