Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgi, 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Hoş geldiň Nowruzym bagtyýar ile» ady bilen Bagtyýarlyk Medeniýet köşgünde kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan, parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini, umumadamzat ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramlaryň biri gadymy Nowruz baýramydygy, bu baýramyň gelmegi bilen tebigat janlanýandygy, adamyň ruhy dünýäsini galkyndyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de milli bahar baýramy-ýaşaýşyň, döredijiligiň, durmuşyň, gözelligiň, hem-de şatlygyň, ata-babalarymyzyň, asylly ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza ygrarlylygyny alamatlandyrýandygy barada çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.