logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HOWANDARLYK, TÜRKMENE MAHSUS

HOWANDARLYK, TÜRKMENE MAHSUS

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 4 ýylyň dolýanlygyna bagyşlanyp «Howandarlyk, türkmene mahsus» atly kitap sergisi gurnaldy, şeýle hem sergide kitaphanaçy hünärmenler gaznanyň döredilmeginiň ähmiýetini wagyz etdiler.

Türkmen halky uzak taryhy döwürlerden bäri nesilleriň beden we ruhy sagdynlygyna, maşgala däplerine, edep-ekrama, adamkärçilige, pähim-paýhasa, zähmete uly ähmiýet berip gelýär. Merdana ata-babalarymyz bu mukaddes ýörelgeleri asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, baýlaşdyryp, nesillerden-nesillere geçiripdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz köklerini müňýyllyklardan alyp gaýdýan, agzybirligimiziň, pähim-paýhaslylygymyzyň, maşgala we terbiýe mekdebimiziň binýadyna öwrülen milli däplerimizi mynasyp dowam etdirýäris.

Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda alnyp barylýan işler ýaş nesliň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine gönükdirilendir.

Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegi, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda sagdyn ösüp ulalmaklary, abadan durmuşda ýaşamaklary ugrunda alyp barýan işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.