2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany’’ ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň hepdeliginiň dowam edýän günlerinde ýaş kompozitor “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň uçurymy Saparmyrat Baýlyýewiň eserlerinden düzülen “Ömrümiň Nury...” atly konsert geçirildi.
Konsertiň başynda fortepiano üçin “Prelýudiýa” we “Tema we wariýasiýalar” awtoryň ýerine ýetirmeginde diňlenildi. Soňra “Hyjuw” skripka we fortepiano üçin eseri D.Öwezow adyndaky TDÝSM-niň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň I-nji ýyl talyby, “Bagyşlama” we “Sözsüz aýdym” fleýta we fortepiano üçin eseri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň I-nji ýyl talyby Hurma Goşjanowa ýerine ýetirdi.
“Wals” we “Gözel Diýarym” kanon we fortepiano üçin eserleri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby, “Ýaşlyk joşguny” bäsleşiginiň ýeňijisi Nurana Şöhradowa ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.
Konsertde diňe bir instrumental žanrlar däl-de, eýsem wokal žanrynda döredilen eserler hem ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Moşiýew “Seni gözläp”, “Ejeme”, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän “Ýaňlan diýarym 2014!” telebäsleşiginiň ýeňijisi Azat Bazarow “Türgeniň söýgüsi”, “Bu gün” ýaly aýdymlary ezberlik bilen ýerine ýetirdiler.
Dabaranyň has-da tolgundyryjy pursatlarynyň biri “Ömrümiň nury” kamera orkestri üçin eseri D.Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň kamera orkestriniň ýolbaşçysy Perman Miriýewiň dirižýorlyk etmeginde ilkinji gezek ýaňlandy.
Konsertiň jemleýji pursatlarynda “Türkmenistan” we “Türkmenistanym” solist we simfoniki orkestri üçin waspnama D.Öwezow adyndaky TDÝSM-niň mugallymy Mergen Ataýew, Azat Bazarow we D.Öwezow adyndaky TDÝSM-niň hor topary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Dabaranyň ahyrynda “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň müdiri Kerimguly Garowow we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Suhan Tüýliýew öz çykyşlarynda ýaş kompozitora mundan beýläk hem Watanymyzy, sungatymyzy wasp etýan aýdymlaryň has-da köp bolmagyny, ýerine ýetiren talyplara, mugallymlara üstünlik arzuw etdiler. Biz ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary aýdyldy.
Aýna ÇARYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby