logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«IL SAGLYGY–ÝURT BAÝLYGY» ATLY WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI

Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitleri şöhlelendirýän, şeýle hem adam saglygyna bagyşlanan we sagdyn-durmuş ýörelgelerini ündeýän gymmatly eserlerini wagyz-nesihat etmek boýunça “Il saglygy-ýurt baýlygy” atly çäre geçirildi. Bu çärä ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary seýle-de, saglygy goraýyş ulgamynyň wekili, epidemiolog lukman Allabaýewa O.S. gatnaşdy. Çäräniň dowamynda ýurdumyzda 1995-nji ýylda lukman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, 2015-nji ýylda bolsa onuň rejelenen görnüşiniň kabul edilendigi, halkyň saglygyna, abadançylygyna her bir raýatyň bähbitleriniň goralmagyna aýratyn üns berilýändigi barada giňişleýin çykyşlar edildi.

Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň her bir jümlesi, her bir sözi hem-de dermanlyk ösümlikleri barada giňişleýin söhbeti ynsan nesliniň nurly geljegine, sagdynlyga, gözellige we watanperwerlige goýlan beýik hormat-sarpanyň beýany bu çärede uly orun aldy.

Ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitler we ulanmaga berilýän saglygy goraýyş binalary halkymyzyň saglygy hakdaky döwlet aladalarydyr. Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz jemgyýetde, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz-nesihat edilmegi, beden taýdan berk, ruhubelent ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny hemişe nygtaýar.

Goý saglygyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekanynda ýaşamaga mümkinçilikler we şertler döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!


Gülşirin Otuzowa

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy