Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň iňlis dilini çuňlaşdyryp öwretmäge ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebinde “Janly tebigatyň muzeýine syýahat” atly türkmen tebigaty barada söhbetdeşlik geçirildi. Hünärmen ýurdumyzda tebigaty gorap saklamak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, suw, ýer we biologiki serişdelerini gaýtadan dikeltmek, atmosfera howasynyň hapalanmagyny peseltmegiň öňüni almak, haýwanlary gorap saklamak barada gürrüň etdi. Adamyň tebigatyň bir bölegi bolup durýandygyny onuň bütin durmuşynyň, olaryň gatnaşyklarynyň näderejede sazlaşyklydygyna türkmen ýazyjylarynyň eserlerinde has-da göz ýetirýäris. Mekdep okuwçylary şahyrlarymyzyň kitabynda Watan gözelligi, tebigat täsinligi hökmündäki, güneşli diýarymyzyň haýwanat dünýäsi hem-de ösümlik dünýäsi baradaky goşgulary labyzly okap berdiler.
Çäräniň dowamynda söhbetdeşligiň ady bilen bagly kitaplardan sergi gurnaldy. Söhbetdeşligiň soňunda ýaş nesilleriň kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de olaryň ukyp başarnyklaryny doly açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.