logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

JEMGYÝET WE KANUN

JEMGYÝET WE KANUN

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Altyn Asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde «Jemgyýet we Kanun» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzyň her bir gününde bolup geçýän ajaýyp ösüşler we taryhy wakalar hakynda şeýle hem türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog-parahatçylygyň kepili» atly beýik taglymaty dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýanlygy hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup,olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.