logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

JÖWHER ZEHINIŇ ŞUGLASY

JÖWHER ZEHINIŇ ŞUGLASY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda kitaphanamyzda hünär tejribeliligini geçýän «Türkmen Döwlet medeniýet we sungat» mekdebiniň talyp ýaşlary bilen hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly –dünýäniň akyldary» atly gymmatly eseri esasynda «Jöwher zehiniň şuglasy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda kitaphana hünärmeni akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsine goýulýan hormat-sarpanyň ähmiýeti we ajaýyp döwrümizde şahyryň goşgularynyň ýaş nesilleri terbiýelemekdäki orny babatynda täsirli gürrüňleri berdi. Kitapdan okalan bölekleri hem ýaşlar gyzyklanma bilen diňledi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen söz sungatynyň pälwany Magtymguly Pyragynyň sarpasyny dünýä ýaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.