Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda 95-nji orta mekdepde «Keşdeçilik sungaty-umumadamzat mirasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi, ene-mamalarymyzdan gelýän inçe hem nepis sungatymyzyň öz ähmiýetini ýitirmän, döwrebap görnüşde we gadymy nusgalarda dowam etdirilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmeniň keşdeçilik sungaty ussat gelin-gyzlarymyzyň çeper gözlegleri bilen has-da baýlaşdyrylýandygy, owadan nagyşlar bilen bejerilen milli egin-eşikler köýnekler, kürteler, çyrpylar, gyňaçlar, düýpli gyňaçlar, tahýalar häzirki günlerde-de halkyň arasynda giňden ýaýrandygy barada çykyş etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli gymmatlyklarymyzy, nepis el-işlerimizi sungat derejesine ýetirmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.