logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP PAÝHAS ÇEŞMESI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde guramagynda «Kitap paýhas çeşmesi» atly kitap sergisi we talyplaryň arasynda gürrüňdeşlik geçirildi.

Kitap sergimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary şeýle hem Magtymguly Pyragynyň eserleri we birnäçe çeper eserler bilen kitap sergimizi gurnadyk. Sergide kitaplardan başga-da dürli ýyllarda «Medeniýet», «Miras», «Diýar», «Garagum», «Türkmen sporty» we beýleki žurnallarda türkmen hem rus dillerinde neşir edilen başga-da köp gyzykly maglumatlar görkezildi.

Çäräniň ahyrynda ylym-bilim öwrenmekde, medeniýetimizi, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.