logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitap iň ýakyn dostuň seniň

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda “Kitap iň ýakyn dostuň seniň” atly çeper okaýyş geçirdi. Çeper okaýyşa gatnaşan höwesjeň okuwçylar öz söýgüli çagalar ýazyjylarynyň ýazan ençeme goşgularyny labyzly okap berdiler. Özara sorag-jogap alyşdylar. Ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar çagalygy, gözel tebigatymyzy wasp edýän goşgulary ýatdan aýdyp berdiler. Şeýle-de gurnalan kitap sergi hem höwesjeň çagalarda uly täsir galdyrdy.
Çeper okaýyşyň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillere kitap bilen ýakyndan dostlaşmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.