logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPHANA IŞI KÄMILLEŞÝÄR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň «Kitaphana işi kämilleşýär» atly alnyp barylýan kitaphana gurnagyna gatnaýan dürli ýaşly okyjylaryň arasynda kitaphana işi hakynda birnäçe maglumatlar berildi. Gurnaga gatnaýan okyjylaryň arasynda öwrenen zatlaryny özleşdirmek maksady bilen birnäçe sorag-jogaplar alyşyldy.

Gurnagyň esasy maksady ösüp gelýän ýaşlarda kitap okamaga bolan söýgüni döretmek we kitaphana işiniň esaslaryny öwretmekden ybarat bolup, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatlaryny, ýurdumyzyň ähli pudaklaryndaky ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplaryny wagyz etmek, kitaphanalarda geçirilýän her bir medeni köpçülik çäreleri, gürrüňleri, sesli okaýyşlary, edebiýat agşamlary, döredijilik duşuşyklary, sergi synlarynyň üsti bilen täze gelen edebiýatlary wagyz etmegi öwretmek hem-de kitap sergilerini guramaklygy we kitaplara syn bermekligi öwretmekden ybarat bolup durýar.

Ýaş nesillerimiziň okamagy, öwrenmegi, ylymly-bilimli kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerimizi aýdýarys.