logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitaphana – rowaçlyklara badalga

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi tarapyndan “Kitaphana – rowaçlyklara badalga” atly gurnakda “Katalogdan hem-de elektron katalogdan erkin gözlemek” atly sapagy geçirildi.
“Kitaphana – rowaçlyklara badalga” atly gurnaga Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyplary gatnaşdylar. Gurnakda okyjynyň özüni gyzyklandyrýan maglumatlary elipbiý katalogyndan gözlemek üçin kitabyň ýa-da haýsydyr bir eseriň ady boýunça elipbiý tertibinde gözlemek işi geçirildi. Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň kitaphanaçylary talyp ýaşlar bilen bilelikde geçirilen okuw tejribesinde ýaşlaryň kitaphana işine bolan höwesleriniň ýokary derejede ösmegine uly täsirini ýetirdi. Soňra bolsa gurnaga gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde, kitaplary aýawly saklamakda we ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.