logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitaphana syny

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlar boýunça kitaphana syny geçirildi.

Kitaphana synynda çykyş edenler, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri A.Nurmuhammedowyň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli goýberlen kitabyň dilçi alymyň ylym hem-de durmuş ýoly bilen bagly maglumatlary öz içine alýandygyny nygtadylar. Kitabyň ylmy işgärlere, aspirantlara, mugallymlara, talyplara, şeýle hem, giň okyjylar köpçüligine niýetlenendigini mälim etdiler.

Şeýle hem, kitaphana synyna gatnaşanlar A.Annamyradowyň “Tans sportunyň nazaryýeti we usulyýeti” atly ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenen okuw kitaby bilen tanyşdylar. Kitapda berk bedenli, ruhubelent, döwrebap ýaş nesli kemala getirmegiň ugurlary göz öňüne tutulyp, tans sporty we onuň düzgünleri bilen bagly maglumatlar berilýär. Kitabyň esasy maksadynyň talyplarda tälimçiligiň we pedagogikanyň ýokary sypatlaryny terbiýelemekden, kärine ussat ýokary derejeli türgenleri ýetişdirmegiň ýollaryny öwretmekden ybaratdygyny bellediler.