Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýakynda Balkan welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet günine gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Balkan welaýat kitaphanasynyň Çagalar üçin kitap okalýan otagynda körpeje kitapsöýüjiler bilen “Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek we kitaphanalarda elektron neşirleriň goruny döretmek işiniň esasy ugurlary” atly okuw-tejribe maslahaty geçirildi.
Häzirki döwürde ýaş nesilleriň kitap okamaga bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak we bilim derejesini ýokarlandyrmak barada alynyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Olar bilen söýgüli ertekileri esasynda sorag-jogap alşyldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tejribe alyşmak, täze pikirleri orta atmak we geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen şeýle okuw-tejribeli maslahatlary geçirmeklige mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.