logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPHANALAR–HALKYŇ RUHY HAZYNASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllary üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda «Kitaphanalar–halkyň ruhy hazynasy» ady bilen Aşgabat şäher häkimligini toplumy binasynda söhbetdeşlik geçirildi.

Çykyş edenler kitaphana-medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolup, adamzat medeniýetiniň gymmatlygydygy we halklaryň medeni ösüşine täsirini ýetirip, adamlaryň medeniýetli, sowatly şahsyýet hökmünde kemala gelmegine ýardam edýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de asuda Watanymyzda zähmet çekýän kitaphana işgärleri hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda öňlerinde goýlan jogapkärli wezipelere aýdyň düşünip, bildirilen uly ynamdan ruhlanýandyklary barada hem çykyş etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda parahat ýurdumyzda okamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.