logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

“Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň hepdeligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Şeýle şanly wakalaryň hatarynda aprel aýynyň 27-sinden maý aýynyň 2-si aralygynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň hepdeliginiň dowam edýändigini bellemek bolar.
Hepdeligiň açylşynda “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň müdiri Kerimguly Garowow özüniň giriş sözleri bilen çykyş edip, kafedranyň taryhy, ençeme ýyllaryň dowamynda ýeten sepgitleri we gazanan üstünlikleri barada gürrüňleri paýlaşdy. Şeýle-de, ol dabara gatnaşyjylary hepdeligiň çäginde geçiriljek çäreleriň meýilnamalary bilen tanyşdyrdy.
Dabaranyň dowamynda “Kompozisiýa hünäri boýunça okuw derslerini okatmagyň käbir aýratynlyklary” atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi has-da täsirli boldy. Onda ussat kompozitor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Suhan Tüýliýew “Tеория туркменской музыки” atly monografiýasy bilen tanyşdyrdy we onda beýan edilýän türkmen halk aýdym-sazlaryna mahsus bolan aýratynlyklar barada aýdyp geçdi. Munuň bilen bir hatarda kompozitorlar Meret Annamyradow we Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrow öz döreden eserleri hakynda gürrüň berdiler. Çykyşlaryň dowamynda kompozitorlaryň tälim alan halypalary N.Halmämmedow, D.Nuryýew, A.Kulyýew baradaky gyzykly ýatlamalary dabaranyň ýürek tolgundyryjy pursatlaryna öwrüldi. Türkmen kompozitorlarynyň döreden eserleriniň saz ýazgylarynyň diňledilmegi bolsa, tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
“Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň müdiri Kerimguly Garowowyň gurnamagynda geçirilen bu ylmy-amaly maslahat ýaş kompozitor we sazşynas talyplar üçin nusga alarlyk mekdep boldy. Maslahatyň jemleýji pursatynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredip berýändigi çäksiz alkyş aýdyldy.

Aýna ÇARYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby